Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Garagoýunly döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Garagoýunly döwleti — Garagoýunly türkmenler oguzlaryň iwe taýpasundan gelip çykandyr. Garagoýunly döwletiniň baýdagynyň ýüzünde gara goýnuň şekili ýerleşdirilipdir. Döwlet Gara Ýusubyň hökümdarlyk eden döwründe (1410-1420) has güýçlenýär‚ ol Azerbaýjanyň ep-esli bölegini we tutuş Ermenistany eýeleýär. Gara Ýusup 1408-nji ýylda Temiriň ogly Mizan şany‚ soňra bolsa Bagdadyň häkimi Soltan Ahmed Jelaýyzy ýeňlişe sezewar edýär. Ol 1410-njy ýylda Garagoýunly türkmen döwletini esaslandyrýar. Döwletiň paýtagty Töwriz şäheri bolupdyr. Garagoýunlylar döwletiniň düzümine Azerbaýjanyň‚ Ermenistan‚ KürdistanYrak girýär. 1420-nji ýylda Temiriň ogly Şahruh köp sanly goşuny bilen Hyratdan garagoýunlylaryň üstüne ugraýar. Uruş mahaly Gara Ýusup ýarawsyzlygy sebäpli aradan çykýar. Gara Ýusubyň ogly Jahan şanyň hökümdarlyk eden döwründe (1435-1467) Garagoýunlylar döwleti has berkeýär. Boýun bolmaýan çarwa begzadalarynyň merkezi döwlete boýun bolmagyny gazanýar. Jahan şa 1467-nji ýylda Muş diýen ýerde akgoýunly taýpasynyň ýolbaşçysy Uzyn Hasan bilen bolan çaknyşykda ölýär we Garagoýunly döwleti ýaşamagyny bes edýär.[1]

Gargoýunly döwleti ýykylanyndan soň‚ onuň ýerlerinde Akgoýunly türkmen döwleti döreýär. Akgoýunly türkmen döwleti hem Töwriz şäherini öz paýtagtyna öwürýär. Akgoýunly türkmen döwleti Azerbaýjandan daşary Ermenistany‚ Kürdistany‚ Yragy we Eýranyň bir bölegini özüne birikdirýär.[1]

  1. 1.0 1.1 "Temirleriň, garagoýunlylaryň we akgoýunlylaryň Azerbaýjanyň ýerlerine ýörişleri"