Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Arhimed

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Arhimed heýkeli
Archimēdous Panta sōzomena, 1615

Ar­hi­med, (Mi­la­dy­dan öň 287- 212) – ga­dy­my grek ma­te­ma­ti­gi, fi­zi­gi we oý­lap ta­py­jy­sy bo­lup­dyr. Ol ry­ça­gyň teo­ri­ýa­sy­ny iş­läp dü­züp­dir, su­wy we agyr ýük­le­ri gal­dyr­mak üçin ony tej­ri­be­de ula­nyp­dyr. Üs­tün­den 2000 ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, he­ni­ze çen­li adam­lar onuň “Ma­ňa da­ýanç no­ka­dy­ny be­riň, men Ýe­ri gö­te­re­ýin” di­ýen söz­le­ri­ni ha­ky­da­syn­da sak­la­ýar­lar. Bu söz­le­ri ryçagyň nazaryýetini iş­läp dü­zen we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne akyl ýe­ti­ren görnükli grek alymy - ma­te­ma­ti­gi, fi­zi­gi we oý­lap ta­py­jy­sy Arhimed aý­dyp ge­çip­dir.

Ol Si­ra­ku­zyň hö­küm­da­ry­nyň gö­zü­niň al­nyn­da po­li­pas­tan we leň­ňer­den yba­rat çyl­şy­rym­ly en­jam­y ula­nyp, gä­mi­ni suwa goý­be­rip­dir. In­di kim­dir bi­ri tä­ze açyş eden bol­sa, “Ew­ri­ko!” (Tap­dym!) di­ýen sözi şy­gar bo­lup ýaň­lan­ýar. Köp­e mä­lim Ar­hi­me­diň ka­nu­nyny açan­da, alym şeý­le di­ýip gy­gy­ran eken.

Şeý­le hem Ar­hi­med ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak üçin oba ho­ja­lyk ma­şyn­la­ry­ny we zyň­mak üçin ni­ýet­le­nen harby en­jam­la­ry oý­lap ta­pyp­dyr. Ol gid­ros­ta­ti­ka­nyň esa­sy­ny go­ýup­dyr, onuň baş ka­nun­la­ry­ny anyk­lap­dyr we ji­sim­le­riň ýüz­me­gi­niň şert­le­ri­ni öw­re­nip­dir.

Ar­hi­me­diň uçur­syz teh­ni­ki ze­hi­ni rim go­şun­la­ry onuň Si­ra­ku­zy şä­he­ri­ne ýö­rüş eden­de has aý­dyň ýü­ze çy­kyp­dyr. Ar­hi­me­diň ma­şyn­la­ry rim­li­le­ri hü­jüm et­mek­den bo­ýun ga­çyr­ma­ga we şä­he­ri ga­ba­ma­ga geç­mä­ge mej­bur edip­dir. Di­ňe ha­ýyn­lyk Si­ra­ku­zyň der­we­ze­le­ri­ni duş­ma­na açyp be­rip­dir.

Bi­ziň gün­le­ri­miz­de Gre­si­ýa­da, ha­ky­kat­dan-da Ar­hi­med Gün şöh­le­le­ri­niň kö­me­gi bi­len rim­li­le­riň gä­mi­le­ri­ni ot­lap ba­şa­ran­dy­gy­ny bar­lap gör­me­gi ýü­re­gi­ne düw­di­ler. Ýet­mi­şe go­laý adam deň­ziň ke­na­ryn­da Si­ra­ku­zyň go­raý­jy­la­ry nä­hi­li ula­nan bol­sa­lar, el­le­rin­de mis gal­kan­la­ry sak­lap ha­ta­ra du­rup­dyr­lar. Ha­çan­da olar Gün “şöh­le­le­ri­ni” agaç gä­mi­niň ma­ke­ti­ne tu­tan­la­ryn­da, ol bir­nä­çe se­kunt­dan soň, tu­ta­şyp ýan­ma­ga baş­lap­dyr.