Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Azarbeýjan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Azərbaycan Respublikası
Azerbeýjan Respublikasy
Azarbeýjanyň baýdagy Azarbeýjanyň gerbi
Azerbeýjan baýdagy Azerbeýjan gerbi
Paýtagt Baku
Prezident Ylham Alyýew
Dil Azarbeýjan dili
Gimn Azerbeýjan gimni
Meýdany 86.600 km²
Ilat
 – ilat/km²
10.173.200
  111/km²
Garaşsyzlyk 28 maý 1918
Pul Azerbaýjan manady
Wagt UTC +4
Telefon kod +994
Internet TLD .az

Azerbeýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we Ermenistan, demirgazykda Russiýa we demirgazyk-günbatarda Gürjüstan bilen araçäkleşýär. Ýurdun kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr. 2019-nji ýyldaky maglumatlara görä, Azerbeýjanyň ilaty 10 million 173 müň adam. Azerbeýjan dili ýurduň resmi döwlet dili hasaplanýar. Ýurtda yslam dininden başga-da hristian dininin mezheplerine uýýanlar hem bar. Azerbeýjan döwleti özüniň konstitusion häsiýetnamalaryna laýyklykda, demokratik, hukuk, dünýewi respublikadyr. Azerbeýjan Respublikasy -prezident respublikasydyr. Azerbeýjan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Demokratiýa we Ykdysady ösüş Guramasynyň (GUAM), Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Gara deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Şelýe hem Azerbeýjan Ýewropa Bileleşigi, NATO, Halkara Pul Gaznasy, Ýewropanyň Ösüş we Döwrebaplaşdyryş banky we Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär. Azarbeýjan - şöhleler ýurdy "Azerbeýjan" sözüniň gadymy taryhy bar. Bizin eýýamymyzdan öň, azarbeýjan topraklarynda ýaşaýan ilatyň agramly bölegi otparazlar eken. Bu ýurduň ady "Azer" ot, alow sözünden gelip çykandyr diýlip hem çaklanylýar.

Azerbeýjan - gadymy medeniýetiň we däp-dessurlaryň ýurdy hasaplanýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu ýerlere ornaşan oguz taýpalary ýerli ilat bilen uýgunlaşyp, olaryň medeniýetini baýlaşdyrypdyrlar. Azerbeýjan köp sanly pelsepeçileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, heýkeltaraşlaryň, sazandalaryň we suratkeşleriň dörän mekanydyr. Bu ýerde Nizami Genjewi, Hagani Şirwani, Bahmanýar, Fizuli, Nasreddin Tusi, Şah ismail Hatai, Molla Panah Wagif, A. Beki-hanow, M.F. Ahundow, M.A. Sabir, J. Mamedgulizade, Guseýn Jawid, J. Jabbarly, Samed Wurgun, Aliaga Wahid we Resul Ryza ýaly alymlar, şahyrlar ýaşap geçipdirler.

Azarbeýjanyň ylym we biliminin hem köp asyrlyk taryhy bar. 1919-njy ýylda açylan Baku Döwlet uniwersiteti, 1945-nji ýylda döredilen Azarbeýjanyň Ylymlar akademiýasy ýurtda ylmyň, medenieýtiň we bilimiň ösüşine iňňän uly goşant goşdy. Onlarça ýokary okuw mekdepleri we tehnikumlar, müňlerçe mekdep, kollej we liseýler häzirki Azarbeýjanyň bilim ulgamyny düzýär.

On ýyllyklaryň dowamynda ýurduň senagat pudagy çalt depginlerde ösdi. Nebit, himiýa, metallurgiýa, maşyngurluşyk ýaly senagat pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda pagtaçylyk, üzümçilik we maldarçylyk ýaly ugurlarda işler talabalaýyk edilip gurnaldy we uly ösüşler gazanyldy.

Häzir hem Azarbeýjany nebitsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Nebit diňe bir baýlyk däl, eýsem-de bolsa, ýurduň şöhrat- şanydyram. Irki döwürlerde çet ýurtlardan nebit üçin köp adamlar gelipdirler. Müňýyllyklaryň dowamynda içi nebitli meşik düýe kerwenleri gündogardan günbatara gatnap durupdyr.

Baýramçylyklar we belli seneler

[düzet | çeşmäni düzet]

1 ýanwar - Täze ýyl baýramçylygy. 8 mart - Halkara Zenanlar güni. 9 maý - Ýeňiş güni. 15 iýun - Azarbeýjan halkynyň azat edilen güni. 26 iýun - Azarbeýjan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň güni. 31 dekabr - Dünýädäki azarbeýjanlaryň raýdaşlyk güni. Nowruz baýramy - bäş gün. Gurban baýramy - iki gün. Oraza baýramy - iki gün.


Azerbaýjan
Taryh • Geografiýa • Syýasat • Demografiýa • Medeniýet • Ykdysadyýeti


 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler: Azerbaýjanyň baýdagy AzerbaýjanGazagystanyň baýdagy GazagystanGyrgyzystanyň baýdagy GyrgyzystanKipr Türk baýdagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy ÖzbegistanTürk baýdagy TürkiýeTürkmenistanyň baýdagy Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan