Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Muhammet-şa Gajar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Muhammet-şa Gajar 1834

Muhammet-şa Gajar —Eýranda döredilen gajar türkmenleriniň döwletiniň ücünji şasy (hökümdarlyk ýyllary 1834-1848). Ol gajar türkmenleriniň döwletiniň ikinji şasy Fath Alynyň agtygydyr, şanyň mirasdüşer ogly Apbas Mürzäniň ogludyr.

Muhammet şanyň tagta geçişi barada şulary aýtsak, ol mirasdüşer şazada däldi. Fath Aly şa ýogalandan soňra onuň ogly Abbas Mürze tagta geçmelidi. Emma Abbas Mürze 1833-nji ýylda (entek kakasy dirikä) duýdansyz ýogalandan soň Muhammet Hyradyň daşyny gabamasyny bes edip, Tährana gelip, özüni mirasdüşer şazada diýip jar edýär. 1834-nji ýylda atasy Fath aly şa ýogalandan soň bolsa ol onuň üç oglundan rüstem çykyp, Muhammet şa tagtyny eýeleýär.

Muhammede häkimiýeti eýelemäge iňlisler kömek berýär. Emma iňlisleriň Hyrada dawa etmesi welin Muhammet şany biynjalyk edipdir. Ol ýaşlykdan “Hyrat Eýrana degişli bolmaly” diýen düşunjä uýupdyr. Iňlisler ony öz adamsy hasaplap, Eýran goşunlarynyň üstünden Angliýanyň gözegçiligini gurnamaga synanyşanlarynda Muhammet şa halkynyň, watanynyň ar-namysyny ileri tutup, öz şahsy bähbidinden geçmegi başarypdyr we iňlisleriň şeýle teklibini dessine ret edipdir.

Muhammet şanyň özüni alyp baryşy barha we barha iňlislere ýaramandyr. 1837-nji ýylda Muhammet şanyň Hyrada harby ýöriş guramagy iňlis-eýran gatnaşyklaryny has-da erbetleşdirpdir. Inlis hökümeti eger-de Eýran Hyradyň daşyny gabamasyny bes etmese onda oňa garşy Angliýanyň urşa başlajakdygyny aýdyp haýbat atypdyr. Haýbat diýip düşunmezlikleri üçin Angliýa öž harby gämilerini Pars aýlagyna girizipdir. 1838-nji ýylda Muhammet şa Hyradyň daşynyň gabawuny aýyrmaga we iňlislere kem-käs eglişikler etmäge mejbur bolupdyr. Ýone, iňlisleriň Eýranda ýerli kanunlara boýun egmezlikleri baradaky talabyny kanagatlandyurmandygy üçin Angliýa 1838-nji ýylda Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesip, ilçilerini yzyna çagyrypdyr. Iňlis-eýran urşundan gaça durmak maksady bilen Muhammet şa 1841 –nji ýylda iňlisleriň ähli talaplaryny diýen ýaly kabul etmäge mejbur bolupdyr. Her näme-de bolsa Hyrat dawasy tamamlanyp, urşuň öňüni almak Muhammet şaha başardypdyr. 1847-nji ýylda ol Osman Türkmen döwleti bilen şertnama baglaşyp, iki ýurduň serhedinden geçýän Şatt-el-Arap boýunça döwlet araçägini kesgitlemek barada ylalaşypdyr. Şol şertnama boýunça käbir portlaryň yzyna, Eýrana berilmegini gazanypdyr.

Muhammet şa Eýranyň üstünde Russiýa bilen Angliýanyň hars urýandyklaryna gowy düşunipdir. Şonuň üçin başarsa olaryň ikisinden hem gaça durmaga synanyşypdyr. 1848-nji ýylyň Ruhnama aýynda Muhammet şa aradan çykypdyr.