Murgap derýasy
Murgap derýasy ululygy we ykdysady taýdan ähmiýeti boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýar. Bu derýa gadym döwürde köp hili atlandyrylypdyr. Onuň ekerançylyk üçin giňden peýdalanylandygyna derýanyň Merwab («Merw derýasy») diýen ady hem şaýatlyk edýär. Onuň beýleki ady – Margab («Marg suwy», «Marg derýasy») ösümlige baý ýerden akandygyna we ozal suwunyň köp bolandygyna güwä geçýär. Sebäbi, «Marg» sözi «çyrmaşyk» diýmegi aňladýar. Murgap derýasy özüniň gözbaşyny Owganystanda okean derejesinden 2600 m belentlikde ýerleşen Sefid-Kuh daglaryndan alýar. Derýanyň umumy uzynlygy 978 kilometr bolup, onuň 350 kilometri Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Onuň ähli suwy diýen ýaly suwaryş işleri üçin peýdalanylýar. Derýanyň suw toplaýan meýdany 60 müň km2-dir. Murgap az suwly derýadyr. Tagtabazaryň golaýynda derýa sekuntda 50 m3 suw getirýär.
Türkmenistanyň çäklerinde Murgabyň iki goşandy – Kaşan we Guşgy bar. Murgabyň iki goşandynyň gündogardakysy has aýlawly bolany üçin, ýerli gepleşikde oňa Gaş ýa-da Gaşyň jary diýýärler. Bu goşandyň «Kaşan» ady hem şondan gelip çykandyr. Ol derýa ululygy boýunça Guşgy derýasyndan soň 2-nji orunda durýar. Kaşanyň umumy uzynlygy 250 km. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa 100 kilometre barabar. Onuň suw ýygnaýan meýdany (7000 km2), esasan, Owganystanda, diňe 19 göterimi biziň ýurdumyzda ýerleşýär. Derýanyň jülgesiniň giňligi Türkmenistanda 1 km töweregi bolup, käbir ýerde iki esse daralýar. Jülgesiniň çuňlugy günortada 100–150 metr bolup, Murgaba birigýän ýerinde 30 m-e çenli peselýär.
Murgabyň günbatardaky Guşgy goşandynyň ady pars-owgan dillerindäki Kuşk («Köşk») sözünden hasap edilýär we ol at gadymy döwürde derýanyň golaýynda galanyň bolandygyny aňladýar. Ýerli ýaşaýjylar Guşgy derýasyny «Moruň suwy» diýip atlandyrýarlar, sebäbi onuň golaýynda Morgala (türkm. Galaýmor) atly gala ýerleşýär. Bu goşandyň umumy uzynlygy 277 kilometr, Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 140 kilometr. Suw ýygnaýan meýdany 10700 km2. Jülgesiniň çuňlugy Guşgy şäheriniň ýanynda 80–100 m, Murgaba goşulýan ýerinde 10 metre çenli peselýär.
Derýanyň suwunyň azlygy ekerançylyk üçin ýaramly ýerleriň ählisini peýdalanmaga doly mümkinçilik bermeýär. Şu sebäpli Murgap oazisinde ekerançylyk üçin Garagum derýasynyň suwy giň möçberde peýdalanylýar.Onuň gözbaşyny nirden alyp gaýdýanyny bilemzok kartadan yzarlap tapyp bilmedik.
Ýolöten şäherine çenli derýanyň kenarlary belentdir. Şoňa görä-de bu ýerde diňe darajyk zolak suwarylýar. Ýolötenden aşakda derýa düzlükden akýar we gollara bölünip başlaýar. Bu ýerde derýa giň meýdanlary suwarýar.
Murgap derýasy hem gardan, hem ýagyşdan suwlulanýar. Şonuň üçin-de ol ýylda bir sapar – ýazyna joşýar. Tomus ekin meýdanlaryny suwarmak üçin köp mukdarda suw gerek bolan mahaly, derýada suw az bolýar. Tomusky suwaryş işleri üçin ýaz suwuny peýdalanmakdan ötri, Murgapda birnäçe suw howdanlary guruldy. Şol suw howdanlarynyň kömegi bilen derýanyň suwy doly peýdalanylýar. Derýada gurlan ozalky köne suw howdanlary – Kolhozbent, Ýolöten, Hindiguş suw howdanlary, soňrak gurlan Daşköpri (1939-njy ýyl), Saryýazy (1957-nji ýyl) suw howdanlary täzeden dikeldildi. Şol suw howdanlary arkaly Murgap derýasynyň suwy rejeli peýdalanylýar. Onuň çägindäki suwaryş kanallarynyň, uly ýaplaryň umumy uzynlygy 10000 kilometre golaýdyr. Murgap jülgesi we onuň aşak akymy Diýarymyzyň gülläp ösýän pagtaçylyk oazisine öwrüldi. Garagum derýasynyň Murgap bilen birikdirilmegi Amyderýanyň suwuny Murgap oazisine bolelin akdyrmaga mümkinçilik berdi. Garagum derýasynyň suwy gysga möhletlerde gurlan suw sorujy desgalaryň kömegi bilen 25 metr ýokary galdyrylyp, Murgaba akdyryldy. Ekin meýdanlaryna sekuntda 15 kubmetr suw berildi. Bu bolsa suwuň az bolan ýyly pagtadan we beýleki ekinlerden ýokary hasylyň alynmagyna ýardam etdi.[1]
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby, 104-nji sahypa