Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Orta Gündogar tehniki uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Bilim Agajy

Orta Gündogar tehniki uniwersiteti (türkçe:Orta Doğu Teknik Üniversitesi), gysgaça OGTU (Türkçe: ODTÜ), 1956-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-ine Ankarada düýbi tutulan döwlet uniwersiteti. Häzirki döwürde, Türkiýede iň gowy uniwersitetlerin biri hasap edilýär. Tutýan meýdany 4,500 gektar, tokaýynyň meýdany bolsa 3,043 gektara barabardyr. Ol Ankaranyň merkezinden 20 km uzaklykdaky Eýmir kölüni we Mersindäki Deňiz Bilimleri institutyny öz içine alýar. Başga-da, Demirgazyk Kipr türk respublikasyndaky OGTU Demirgazyk Kipr okuw şäherçesi (Türkçe:Orta Doğu Teknik Üniversitesi Kuzey Kıbrıs Kampusu) diýlip atlandyrylýan aýratyn bir uniwersitetiň hem esaslandyryjysy bolup durýar.