Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

Plagiat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Haýsydyr bir ýerden alynan pikirleri çeşme görkezmezden ulanmakdyr. Başgaça aýdanymyzda başga biriniň pikirini özüňki ýaly edip görkezmekdir. Başga biriniň eserinden bölek alyp ulansa bolar, ýöne çeşme görkezmek hökmanydyr. Çeşme görkezilmedik ýagdaýynda plagiat bolýar we akademiki jenaýat hasaplanýar.

Plagiatyň käbir görnüşleri:

  1. Bir pikiri çeşme görkezmezden ulanmak
  2. Ulanylan sitatany goşa dyrnak içinde ýazmazlyk we çeşme görkezmezlik

Plagiat bilkastlaýyn ýa-da tötänleýin edilip biliner.

"Ýer jisimleri özüne çekýär" ýa-da "II jahan urşy 1945-nji ýylda gutardy" ýaly sözlemleri goşa dyrnak içinde ýazmazlyk plagiat hasap edilmeýär. Sebäbi köp kişi tarapyndan bilinýän zatlary ýazan adam pikiri ilkinji orta atan adam ýaly görünmeýär. Şuňa meňzeş hemme kişi tarapyndan bilinýän zatlary we hakykatlary ýazan ýagdaýyňda çeşme görkezmezlik plagiat hasap edilmeýär.