Location via proxy:   [ UP ]  
[Report a bug]   [Manage cookies]                
Mazmuna geçiň

TOEFL

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

TOEFL (Test Of English as a Foreign Language: Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy). Edil IELTS ýaly iňlis dilini biliş derejäni ölçeýän halkara synag. 1960-njy ýyllaryň başlarynda Amerikadaky ýokary okuw jaýlarynda okaýan, ýa-da dalaşgär, daşary ýurtly talyplaryň iňlis dilini bilişlerini barlamak maksady bilen ýüze çykýar. Stanford Uniwersitetinde taýynlanan synagyň ilki döwürde administrasiýasy birnäçe gezek guramalar arasynda üýtgänden soň 1973-nji ýylda ETS (Educational Testing Service) TOEFL-yň ýeke täk administratiw guramasy bolýar. TEFLS ETS-yň söwda belgisi.

Häzirki ýagdaýda TOEFL 13o ýurtda 8500-den köp akademik gurama tarapyndan kabul edilýär. Başda çykan wagtynda el bilen ýazyp jogaplanýan, ýa-da kagyz formatynda (PBT: Paper Based Test), düzülen test, soňlugy bilen kompýuterde hem jogaplanýan formaty (CPT: Computer Based Test), we 2005-nji ýyldan bäri Internet arkaly jogaplanýan formaty hem hödürleýär (iBT: Internet Based Test).

2006-njy ýyldan bäri CPT, ýagny kompýuter formatly synag geçirilmeýär, we onuň netijeleri ýörgünligini ýitirdi. Käbir ýurtda PBT dowam edýän bolsa-da iBT esasy synag görnüşi şeklinde durýar. 2013-nji ýyldan başlap Türkmenistanda hem iBT formatyndan synag geçiriljegi aýdylýar.

TOEFL iBT 4 bölümden ybarat:

Reading – Okap düşünme bölümi ortaça 700 sözden ybarat bolan 3-5 aralygynda tekstden we ahyrynda her tekste degişli soraglardan ybarat. Tekstler akademik tematikaly bolýar we köplenç ýokary okuw jaýynda birinji ýylda okadylýan kitaplarda meňzeşleri tapylýar. Tekstler esasan sebäp-netije, deňeşdirme-garşylaşdyrma we argumetnasiýa ýaly söz bilimi funksiýalary düşünme ukyplylygyny barlaýar. TOEFL iBT-däki täze sorag görnüşlerinde tablisalary doldurmany ýa-da jemleme görkezmäni talap edilýär. Dogry jogaby bilmek üçin tema barada öňden maglumata eýe bolmak hökmany däl. Listening – Diňleme ukyplylygy bölümi her biri 3-5 minut aralygyndaky 6 bölekden ybarat. Bul böleklerden iki sanysy okuwçy gepleşigi we dört sanysy akademik leksiýa ýa-da diskussiýa bolýar. Iki adam arasyndaky gepleşiklerde talyp bilen mugallymy ýa-da administrasiýa işgäri arasynda geçýär. Leksiýalarda bolsa esasan akademik leksiýanyň bir bölegi berilýär, we içinde diňleýjiler bilen lektoryň arasynda diskussiýalar hem geçip bilýär Geçilýän leksiýa, ýa-da diskussiýanyň temasy barada öňden maglumata eýe bolmak hökmany däl. Her bölek diňe bir gezek diňledilýär, synaga girýänler bellikler alyp bilýärler, we jogaplan wagtlarynda belliklerine ýüz tutyp bilýärler. Her gürrüňdeşlik böleginiň ahyrynda 5 sany sorag berilýär, we leksiýalaryň ahyrynda 6 sany sorag berilýär. Soraglar umumy ideýany düşünmek, möhüm detallary bellemek, gürleýäniň maksadyny we garaýşyny anyklamak ýaly birnäçe ukyplylygy barlaýar. Speaking – Gepleşik bölümi 6 sany bölekden ybarat: iki özbaşdak we dört sany netijelendirme bölegi. Iki sany özbaşdak bölekde synaga gantaşýanlar tanyş temalara degişli öz pikirleri bilen jogap berilýär. Olar bul bölekde jogap berenlerinde öz ideýalaryny dury we yzygiderli ýagdaýda berişleri bilen synalýarlar. Netijelendirme böleklerinden ikisinde synaga girýänler kiçi tekst okaýarlar we akademik leksiýa, ýa-da talyp durmyşy barada gepleşik diňleýärler we berilen soraglar tekst bilen gepleşikden kombinirlenen maglumatlar bilen jogap berýärler. Galan iki sany netijelendirme böleginde synaga girýänler akademik leksiýa, ýa-da talyp durmyşy barada gepleşgi diňleýärler we eşiden zatlary barada soraglara jogap berýärler. Netijelendirme böleginde synaga girýänleriň okalan we diňlenen materiallardan gerekli maglumary almak we efektiw şekilde jogap bermek ukyplylyklary barlanýar. Synaga girýänler bellikler alyp bilýärler we jogap berenlerinde belliklerden peýdalanyp bilerler. Jogaplaryň ählisi ýazga alynýar we ETS-yň Online Scoring Network (Onlaýn Bahalandyrma Ulgamy) merkezine iberilýär we 3-6 barlaýjy tarapyndan baha berilýär. Writing – Ýazuw bölüminde synaga girýäniň akademiki tematikada ýazuw ukyplylygy barlanylýar we iki sany bölekden ybarat: netijelendirme bölegi we özbaşdak bölek. Netijelendirme böleginde synaga girýänler akademik tematikada bir tekst okaýarlar we şol tema degişli diskussiýa diňleýärler. Synaga girýänler diňleme materialyndaky esasy meseleleri bilen okalan tekstdaky meseleleriň arasyndaky baglanşygy düşündirip kiçiräk teskt ýazýarlar. Özbaşdak bölekde bolsa synaga girýänler bir pikir barada öz garaýyşlaryny düşündirýän we öz garaýyşlaryny goldaýan argumentler görkezýän ýazuw işi. Jogaplar ETS-yň OSN merkezine iberilýär we 4 sany barlaýjy tarapyndan baha berilýär. Bölüm

Mazmuny

Wagt

Reading 3–5 tekst, her tekstiň ahyrynda 12-14 sany sorag 60–100 minut Listening 6–9 bölek, her bölekde 5–6 sany sorag 60–90 minut Arakesme 10 minut Speaking 6 bölek 20 minut Writing 2 bölek 50 minut Netijeler

TOEFL iBT formatynda her bölüm üçin 0-30 aralygynda baha berilýär. Umumy baha dört bolüme degişli bahanyň jemlemesi esasynda çykarylýar we umumy baha 0-120 bal aralygynda bolýar.