Natural sanlar
Appearance
San okunda O nokatdan sagda[OE1],[OE2],[OE3],[OE4],... kesimlere degişli sanlar: 1, 2, 3, 4,...ýaly belgilenerler. Olara natural sanlar diýilýär we N bilen belgilenýär. Başgaça, natural sanlar predmetleri – naturalary – sanamakda ulanylýan sanlardyr. Natural sanlaryň üstünde deňeşdirmek, goşmak, aýyrmak, köpelt-mek, bölmek we natural derejä götermek amallary kesgitlenendir. k we n sanlar deňeşdirilende aşakdaky ýagdaýlar bolup bilerler:
k<n , k=n , k>n .
k we n sanlaryň:
- jemi S=k+n ;
- tapawudy r=k-n ;
- köpeltmek hasyly p=k×n , p=k·n , p=kn ;
- paýy q=k÷n ,q=k/n
ýaly belgilenýärler. n sanyň k-njy derejesi
munyñ manysy A gezek n bar diýmek. ýaly belgilenip, n sana derejäniň esasy, k sana bolsa, görkezijisi diýilýär. Derejä götermek amalynyň aşakdaky häsiýetlerini belläliň:
- Eger m=n bolsa, onda ∀k ∈ N:
eger m>n bolsa, onda - Islendik natural sanlar üçin derejä götermek amaly kesgitlenendir;
- Islendik k, n natural sanlar üçin ýeke-täkdir;
- Islendik k, n natural sanlar üçin natural sandyr;
- Islendik k, n, p natural sanlar üçin ;
- Islendik k, n, p natural sanlar üçin ;
- Islendik k, n, p natural sanlar üçin .